Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşimany kabul etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklara aýratyn üns berdiler diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri bellenildi. Türkmenistanyň Prezidenti sebit hyzmatdaşlygyny berkitmegiň çäklerinde bu formatyň ähmiýetini nygtap, oňa gatnaşýan döwletleriň Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
Aprel aýynda Ýaponiýada geçiriljek Bütindünýä “EKSPO-2025” sergisine Türkmenistanyň gatnaşmak meseleleri gepleşikleriň esasy ugurlarynyň hatarynda boldy. Türkmenistanyň döwlet Baştutany bu çäräniň Ýaponiýada geçirilmegini goldandygyny, ýurduň sergä gatnaşmagyna taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny, şunuň bilen baglylykda, ýörite guramaçylyk toparynyň döredilendigini belledi.
Akihisa Nagaşima öz gezeginde, ýokary derejeli türkmen wekiliýetiniň “EKSPO-2025” sergisine gatnaşmagyna Ýaponiýada sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygyny nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady hem-de Akihisa Nagaşima işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Şol gün – 2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşimanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar Osaka şäherinde geçiriljek “EKSPO-2025” sergisine Türkmenistanyň gatnaşmagy hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleleri, şol sanda gazhimiýa senagatynda bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.