Kaka dokma toplumy önümçiligi we eksporty artdyrýar

BT
Kaka dokma toplumy önümçiligi we eksporty artdyrýar
Kaka dokma toplumynda iş pursady, Ahal welaýaty, Türkmenistan (Surat: kdttextile)

2024-nji ýylda Türkmenistanyň Kaka dokma toplumynda öndürilen önümleriň möçberi 154,2 million manada barabar boldy. Önümçilik netijesinde, ýüplügiň 3150 tonnadan gowragy, matalaryň 15 million inedördül metri we taýýar egin-eşikleriň 354500-den gowragy çykaryldy. Bu önümleriň bir bölegi daşary ýurtlara eksport edildi.

Toplumyň hünärmeni Döwran Döwletowyň “Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe güni çap edilen sanynda beren söhbetdeşliginde habar berlişine görä, toplumda Şweýsariýadan we Ýaponiýadan getirilen egriji maşynlar, Belgiýanyň mata dokaýan enjamlary, olary boýamak üçin Italiýanyň we Germaniýanyň tehniki düzümleri hem-de ýapon tikinçilik enjamlary ulanylýar.

Nah ýüplüginiň berkligi, galyňlygy we uzynlygy ýaly ähli aýratynlyklary jikme-jik barlanylýan hil gözegçilik barlaghanasy toplumyň möhüm düzümini emele getirýär.

2021-nji ýylyň 25-nji awgustynda açylyp ulanylmaga berlen toplum dört sany – egriji, dokaýjy, boýag-bezeg we tikinçilik fabriklerini özünde jemleýär. Egriji fabrikanyň önümçilik kuwwaty her ýyl pagtadan we garyşyk süýümlerden 3 müň 650 tonna nah ýüplük almaga niýetlenendir. Umuman alanyňda, kärhana her ýyl 12 million inedördül metr mata we taýýar egin-eşikleriň 1,2 million sanysyny öndürmäge ukyplydyr.

2022