Turkmentextile Expo 2025: Dokma we moda üçin Aşgabatda halkara meýdança

BT
Turkmentextile Expo 2025: Dokma we moda üçin Aşgabatda halkara meýdança
Türkmenistanyň dokma önümleriniň diwarlygy “Osaka 2023” atly syýahatçylyk sergisinde, Osaka, Ýaponiýa (Surat: Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy)

2025-nji ýylyň 11 – 13-nji iýunynda Aşgabat şäherinde – Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda (TSSE) “Turkmentextile Expo-2025” sergisi geçiriler. Bu çäre dokma we moda sengatynyň dünýädäki öňdebaryjylaryny, şol sanda, innowasion önüm öndürijileri hem-de döredijilik dizaýnerlerini bir ýere jemlär diýip, TSSE-habar berýär.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan sergi pudagyň giň ugurlaryna degişli önümleri özünde jemlär. Gatnaşyjylar dokma enjamlara, tebigy süýümleri gaýtadan işlemäge, aýakgaplara, egin-eşiklere, öý hojalygynda ulanylýan dokma önümlere, ätiýaçlyk şaýlara, himiki serişdelere, boýaglara we bu ugurdaky iň täze tehnologiýalara bagyşlanan sergi diwarlyklaryny synlap bilerler.

Türkmenistanyň dokma senagatynyň kuwwatlyklaryny görkezmek we halkara hyzmatdaşlygyna ýardam bermek çäräniň esasy maksadydyr. Sergi özara gatnaşyklary ýola goýmak we pudagyň hünärmenleriniňa arsynda tejribeleri alyşmak üçin amatly meýdança bolar.

Gatnaşyjylar guramaçynyň resmi web-saýty arkaly çäre barada goşmaça maglumatlary öwrenip bilerler. Ol ýerde çärä gatnaşyjylary hasaba almak we habarlaşmak üçin giňişleýin maglumatlar berilýär.

2022