Mary welaýatynyň Sakarçäge etraby iň ýokary ösüş depginini gazanmak boýunça Türkmenistanyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň arasynda her ýylda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijisi bolup, $1 million pul baýragy bilen sylaglanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde mälim etdi.
Onuň aýtmagyna görä, durmuş, ykdysady we medeni görkezijiler babatda bu etrap ýokary netijeleri görkezdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sakarçäge etrabyny bäsleşigiň 2024-nji ýyldaky ýeňijisi diýip yglan etmek hem-de etrabyň häkimligine pul baýragyny bölüp bermek hakynda Buýruga gol çekdi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany şeýle bäsleşigiň 2025-nji ýylda hem geçirilýändigi hakynda yglan etdi.
Geçen ýyl iň gowy etrap adyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby eýe bolupdy.
Hökümetiň mejlisiniň dowamynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenilip, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem birnäçe ýolbaşçylar wezipä bellenilip, wezipeden boşadyldy.