Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Germaniýanyň ozalky Prezidentini hatyralady

BT
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Germaniýanyň ozalky Prezidentini hatyralady
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyndaky hatyra çäresine gatnaşýar, 2025-nji ýylyň 6-njy fewraly, Türkmenistan (Surat: Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda ýurduň ozalky Prezidenti Horst Kýoleriň aradan çykmagy zerarly geçirilen hatyra çäresine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Raşid Meredow matam kitabynda ýazgy galdyryp, görnükli döwlet işgäriniň aradan çykmagy zerarly Germaniýanyň halkyna gynanç sözlerini beýan etdi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanda işleýän köpsanly daşary ýurtly ilçiler hem gynanç sözlerini aýtdylar.

Germaniýanyň ilçihanasynyň wekilleri bildirilen duýgudaşlyk we üns-alada üçin Türkmenistanyň Hökümetiniň ýokary derejeli wekillerine hoşallygyny beýan etmek bilen, munuň iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam etjekdigini belledi.

2004 – 2010-njy ýyllarda Germaniýanyň Federal Prezidenti wezipesinde işlän Horst Kýoler dowamly keselçilikden soň, 82 ýaşynda, 2025-nji ýylyň 1-nji fewralynda aradan çykdy.

2022