“Halkara söwda we hyzmatlar”: Türkmenistan hususy pudagyň mümkinçiliklerini tanyşdyrar

BT
“Halkara söwda we hyzmatlar”: Türkmenistan hususy pudagyň mümkinçiliklerini tanyşdyrar
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergi, 2023-nji ýylyň 17-19-njy marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy (TSSE) 2025-nji ýylyň 29-njy apreli – 1-nji maýy aralygynda “Halkara söwda we hyzmatlar” atly sergi-ýarmarkasyny geçirer. Bu çäre daşary döwletler bilen söwda gatnaşyklary pugtalandyrmaga, dünýä ýurtlarynyň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de hususy pudagyň mümkinçiliklerini görkezmäge gönükdirilendir.

TSSE-niň şenbe güni habar bermegine görä, sergide ulag, gurluşyk, maglumat tehnologiýalary, sanly we ykdysady hyzmatlar ýaly dürli pudaklarda iş alyp barýan kompaniýalar we hünärmenler özleriniň taslamalary bilen tanyşdyrarlar.

Işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde, ýagny 29-30-njy aprelde “Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi” atly halkara maslahat geçiriler. Onda hil dolandyryşyň häzirki zaman ulgamlaryny ornaşdyrmagyň meselelerine garalar.

Sergi-ýarmarka halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, Türkmenistanda hödürlenilýän hyzmatlary giňeltmek we önümleriň hil ölçeglerini kämilleşdirmek üçin amatly çeşmä öwrüler diýip, çeşme habar berýär.

2022