Aşgabatda TSTB-niň 17 ýyllygy mynasybetli sergi we maslahat geçiriler

BT
Aşgabatda TSTB-niň 17 ýyllygy mynasybetli sergi we maslahat geçiriler
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergi, 2023-nji ýylyň 17-19-njy marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

2025-nji ýylyň 17 – 19-njy martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) binasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi we halkara maslahat geçiriler. Bu çäreler Türkmenistanyň hususy pudagynyň ösdürilmegine, oňa maýa goýumlaryň çekilmegine we telekeçilik ulgamynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir diýip, TSSE penşenbe güni habar berdi.

Sergi türkmen telekeçileriniň, senagat kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmak üçin amatly meýdança öwrüler. Oňa gatnaşyjylar özleriniň täze taslamalaryny görkezerler hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar.

Işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forumy geçiriler. Onda bilermenler we maýadarlar senagat düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, işewürligi goldamak we halkaar ykdysady gatnaşyklary berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar. Maslahatyň netijeleri telekeçiligiň ösüşine we ählumumy möçberde hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine täze itergi berer.

2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi häziri wagtda ýurduň işewür toparlarynyň 28 müňden gowrak wekillerini özünde jemleýär.

2022