Türkmenistanyň medeni mirasy we parahatçylyk başlangyçlary Hyrat şäherinde tanyşdyryldy

BT
Türkmenistanyň medeni mirasy we parahatçylyk başlangyçlary Hyrat şäherinde tanyşdyryldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze kitabyny tanyşdyrylyş dabarasy, 2025-nji ýylyň 8-nji fewraly, Hyrat, Owganystan (Surat: Hyrat şäherindäki Türkmenistanyň konsullygy)

2025-nji ýylyň 8-nji fewralynda Owganystanyň Hyrat şäherindäki Türkmenistanyň konsullyk edarasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegini maslahatlaşmaga hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyşyna bagyşlanan möhüm çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Hyratdaky konsullyk edarasy habar berýär.

Owganystanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň görnükli wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çäre halkara gatnaşyklarda parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini nygtaýan maslahat bilen badalga aldy. Onda çykyş edenler Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelegelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtap, şu ýylda meýilleşdirilýän anyk başlangyçlar barada durup geçdiler.

Maslahatdan soň, Türkmenistanyň Prezidentiniň beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň çäksiz mirasy we onuň öňe sürýän ideýalary barada söz açýan kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Gatnaşyjylar ynsanperwer gymmatlyklary wagyz etmekde we türkmen halkynyň baý medeni mirasyny şöhlelendirmekde bu kitabyň uly goşant boljakdygyny bellediler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşan wekiller Owganystan bilen gatnaşyklarda dostlukly daşary syýasaty durmuşa geçirýändigi üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirdiler we döredijilik işinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdiler.

2022