2025-nji ýylyň 12-nji fewralynda Tähran şäherinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Wekiliýet düzümlerine daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary – Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Eýranyň daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi başyklyk etdiler.
Gepleşikleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulagmlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaş;ygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň parlamentara Dostluk toparynyň işiniň geljegine we ýakyn wagtda bu ugurda geçiriljek çärelere garaldy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem geňeşmeleriň möhüm mazmunyny emele getirdi. Ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň häzirki görkezijilerine hem-de enrgetika we ulag pudaklary ýaly ileri tutulýan ugurlara seredildi. Ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň çäklerinde suw serişdelerini dolandyrmak meselelerine hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň işine aýratyn üns berildi.
Geňeşmeleriň ahyrynda medeni-ynsanperwer başlangyçlar, şol sanda 2025-nji ýylda geçiriljek bilelikdäki çäreler hem-de ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.