Türkmenistanly telekeçiler Özbegistanda kiçi we orta işewürligiň wekilleri üçin guralýan işewürlik çäresine gatnaşýarlar. 15 – 22-nji fewralda Daşkent şäherinde geçirilýän çäre işewürlik hyzmatdaşlygyna ýardam bermäge, tejribe alyşmaga we täze hyzmatdaşlary tapmaga gönükdirilendir diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
“TurkmenExpo” sergi kompaniýasy “Harman Consulting” bilen hyzmatdaşlykda türkmen telekeçileriniň işewürlik gerimini giňeltmekleri we täze bazarlara çykmaklary üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. Işewürlik çäresi oňa gatnaşýanlaryň gymmatly işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaklaryna we geljegi uly hyzmatdaşlygy öwrenmeklerine goldawlary bermek maksady bilen işlenilip düzüldi.
Özbegistanyň öňdebaryjy kärhanalaryna meýilleşdirilýän saparlar gatnaşyjylara täze tehnologiýalar we önümçilik işi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döreder. Çäräniň maksatnamasy “B2B” görnüşli işewürlik, “tegelek stol” duşuşyklary we hünärmenleriň maslahatlaryny öz içine alýar. Gatnaşyjylar bu çäreleriň çäklerinde özleriniň taslamalaryny tanyşdyryp, hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşyp we strategik gatnaşyklary ýola goýup bilerler.
Bu göçme çäräniň üsti bilen “TurkmenExpo” we “Harman Consulting” kompaniýalary dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak üçin zerur gurallary we gatnaşyklary hödürlemek bilen türkmen işewürliginiň ösmegine ýardam bermäge çalyşýar.