2024-nji ýylda türk kompaniýalary Türkmenistanda bahasy 216 million dollar bolan potratçylyk taslamalaryny aldylar. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok özüniň rezidensiýasynda çarşenbe güni bolan metbugat maslahatynda mälim etdi.
Häzirki wagtda türk işewürleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanda $4 milliard bahasy bolan 25 taslama durmuşa geçirilýär diýip, diplomat aýtdy.
Ilçi şeýle hem türkiýeli kompaniýalaryň Arkadag “akylly” şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna gatnaşjakdyklaryna ynam bildirdi.
Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyna eýe bolan wagtyndan bäri türk kompaniýalary umumy bahasy $50 milliarddan gowrak bolan 1 müňden hem köp taslamany üstünlikli tamamladylar. A.Demirokyň bellemegine görä, munuň özi Türkmenistanyň türk kompaniýalaryna bildirýän ýokary ynamynyň subutnamasydyr.
2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda özara söwda dolanyşygynyň möçberi $2,166 milliarda deň boldy.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан