Pan Gi Mun sebit parahatçylygynda we ösüşinde Türkmenistanyň goşandyny belledi

BT
Pan Gi Mun sebit parahatçylygynda we ösüşinde Türkmenistanyň goşandyny belledi
Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýewiň BMG-niň ozalky Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 17-nji fewraly, Koreýa Respublikasy (Surat: Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýewiň duşenbe güni Assambleýanyň prezidenti, Ählumumy “ýaşyl” ösüş institutynyň Geňeşiniň (GGGI) başlygy, BMG-niň ozalky Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşygy boldy. Söhbetdeşligiň barşynda Pan Gi Mun sebit parahatçylygynda we ösüşinde Türkmenistanyň goşandyny hem-de ýurduň daşary syýasatynyň ynsanperwer ugruny, gazanylan üstünlikleriň beýleki döwletler üçin nusgalykdygyny belledi. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Ol şeýle hem soňky 30 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna üýtgewsiz ygrarlydygyny belledi. Pan Gi Mun uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin hoşallyk bildirdi hem-de özüniň 2010, 2015 we 2016-njy ýyllarda Aşgabada bolan saparlaryny ýatlady.

Ilçi Durdyýew Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli 2025-nji ýylda meýilleşdirilýän çäreler, şol sanda 11-12-nji dekabrda geçiriljek halkara forum barada tanyşdyrdy.

Pan Gi Mun Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem “ýaşyl” ösüş we tebigy serişdeleri durnukly dolandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Günorta koreýaly diplomat Pan Gi Mun 2007 – 2016-njy ýyllar aralygynda BMG-niň Baş sekretary wezipesinde işledi. Pan Gi Mun parahatçylyk we howpsuzlyk, adam hukuklary, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek meseleleri boýunça işjeň iş alyp barandygy hem-de ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky tagallalary bilen giňden tanalýar. Onuň BMG-däki ýolbaşçylygy parahatçylyk gepleşikleriniň üstünlikli guralandygy we ynsanperwer ugurdaky meseleleriň oňyn çözülmegi hem-de 2015-nji ýylda Howa boýunça Pariž ylalaşygynyň taýýarlanylmagy babatda tagallalary bilen tanalýar.

2022