Türkmenistan Tähranda geçirilýän Hazar ykdysady forumyna gatnaşýar

BT
Türkmenistan Tähranda geçirilýän Hazar ykdysady forumyna gatnaşýar
III Hazar ykdysady forumy, 2025-nji ýylyň 17-18-nji fewraly, Tähran, Eýran (Surat: IRNA)

Türkmenistan 2025-nji ýylyň 17-18-nji fewralynda Eýranyň paýtagty Tähranda geçirilýän III Hazar ykdysady forumyna gatnaşýar. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Russiýanyň we Gazagystanyň wekilleri hem gatnaşýarlar diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Forum Hazar sebitiniň ýurtlarynyň söwda, ykdysadyýet, ulag, energetika, ekologiýa, ylym we tehnologiýa ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança boldy.

Mowzuklaýyn mejlislerde Hazarýaka döwletleriniň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň geljegine garalar. Onuň çäklerinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen ozal gazanylan ylalaşyklary berkidýän jemleýji jarnamanyň gol çekilmegine garaşylýar.

Ilkinji Hazar ykdysady forumy 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilipdi.

2022