2024: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 21,3 milliard manatdan geçdi

BT
2024: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 21,3 milliard manatdan geçdi
“Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binasy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň 1-den 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 1-i aralygynda 21 milliard 345 million manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden “Bank habarlary” atly elektron žurnalynda habar berilýär.

2024-nji ýylda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 18 milliard 916 million 854 müň 193 manada ýetdi.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 1 milliard 630 million 302,2 müň manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 19 million 619,6 müň manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 509 million 930,5 müň manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 3 million 069,6 müň manatdan geçdi.
Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 266 million 107,1 müň manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

2022