“Euronews”-yň wekiliýeti ýerli media serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk üçin Türkmenistana geler

BT
“Euronews”-yň wekiliýeti ýerli media serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk üçin Türkmenistana geler
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow bilen “Euronews” habarlar teleýaýlymynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid, 2025-nji ýylyň 18-nji fewraly, (Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanowyň “Euronews” habarlar teleýaýlymynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşygy boldy. Pedro Wargas ýerli mediaplatformalar bilen hyzmatdaşlyk etmek we ýurduň medeni mirasy bilen tanyşmak maksady bilen Türkmenistana meýilleşdirýän sapary barada aýtdy diýip, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy sişenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň barşynda türkmen diplomaty öz ýurdunyň media babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygyny hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini belledi. S.Palwanow metbugat wekilleri üçin yzygiderli geçirilýän brifingler we Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary berkitmek boýunça tagallalar barada hem gürrüň berdi.

Taraplar hyzmatdaşlyk ugurlaryny, şol sanda syýahatçylygy ösdürmek, medeni alyşmak hem-de möhüm wakalary köpçülige ýetirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. “Euronews” habarlar teleýaýlymy özüniň "Explore", "Cult" we "Meet the Locals" atly gepleşikleriniň maksatnamalaryna Türkmenistany goşmaga hem-de ýurduň beýan ediliş ugurlaryny giňeltmäge, täze media taslamalary ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, halkara mediagiňişlikde Türkmenistan barada deňeçer garaýyşlary ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Ýewropanyň “Euronews” habarlar teleýaýlymy 1993-nji ýylda döredilip, gije-gündiziň dowamynda ýaýlyma berilýär. Onuň 19 dilde ýaýlyma berilýän gepleşikleri 1,2 milliard adamy öz içine alýar. Aýda 29 million hemişelik gyzyklanýan tomaşaçysy bolan teleýaýlymyň baş edara binasy Fransiýanyň Lion şäherinde ýerleşýär. Teleýaýlym bitarap we köp medeniýeti öz içine alýan nukdaýnazardan garaýan dünýä wakalaryna, syýasata, ykdysadyýete, medeniýete we sporta degişli habarlary tomaşaçylara ýetirýär.

2022