Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişennbe güni Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy R.Minnihanowy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň meselelerini maslahatlaşdylar. R.Minnihanow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny ýetirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow öz gezeginde parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Tatarystan bilen ýakyn gatnaşyklary saklaýandygyny, söwda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Muňa Türkmenistanyň amatly maýa goýum gurşawy we halkara abraýy hem oňaýly şertleri döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli goňşuçylyk, deňlik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň ösdürilişine kanagatlanma bildirip, türkmen talyplaryny okatmakda Tatarystanyň goşýan goşandyny belledi.
Duşuşygyň Diplomatik işgärleriniň gününiň baýram edilen gününde geçirilendigi bilen bagly oňa gatnaşanlar birek-birege gutlaglaryny beýan etdiler. R.Minnihanow Gurbanguy Berdimuhamedowy we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy gutlady. R.Meredow öz gezeginde, türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Tatarystanyň Baştutanyna hoşallyk bildirdi.
Birek-birege üstünlikler arzuw edilen duşuşykdan soň, türkmen halkynyň Milli Lideri R.Minnihanowy Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline çenli ugratdy. Ol ýerden myhman Tatarystana ugur aldy.