Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 18-nji fewralynda baýram edilen Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli birnäçe diplomatlara “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen hormatly at bilen sylaglady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew, Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atajan Möwlamow hem-de Türkmenistanyň Owganystandaky baş konsuly Bazarbaý Kabaýew bu hormatly ada eýe boldular.
Bu sylaglar diplomatik işde uzak wagtyň dowamynda asylly we göreldeli zähmet çekendigi, Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlygynyň, Bitaraplygynyň, syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklarynyň berkidilmegine goşan goşandy üçin berildi.
Diplomatik işgärleriniň gününi baýram etmegiň çäklerinde Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: halkara gatnaşyklary berkitmekde diplomatiýanyň orny” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanylan ýörite sergi guraldy.
Milli diplomatlaryň çekýän yhasly zähmetine bagyşlanylyp döredilen Diplomatik işgärleriniň güni her ýylyň 18-nji fewralynda baýram edilýär. Ol Türkmenistanda 2009-njy ýyldan bäri hünär baýramy hökmünde bellenilip geçilýär.