“Türkmenistan” awiakompaniýasy doglan günleri uçuş wagtyna gabat gelýän ýolagçylar üçin arzanlaşyk yglan edýär diýip, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Ýörite nyrh teklipleri şu ugurlar boýunça peteklere hereket edýär:
- Aşgabat – Kuala-Lumpur – Aşgabat
- Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat
- Aşgabat – Bangkok – Aşgabat
- Aşgabat – London – Aşgabat
- Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat
- Aşgabat – Milan – Aşgabat
Arzanlaşyk 2025-nji ýylyň 25-nji oktýabryna çenli hereket edýär.
Giňişleýin maglumat almak üçin awiakompaniýanyň petek satýan kassalaryna ýüz tutup bilersiňiz.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан