Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Aşgabada sapar bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar. Syýasy-ykdysady, maýa goýum, energetika, ulag we medeniýet ýaly dürlu ulgamlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşine, şol sanda Türkmenistan bilen BAE-niň soňky ýyllardaky söwda dolanyşygynyň depginine aýratyn üns berildi. Duşuşyga gatnaşyjylar nebitgaz, energetika, ulag we oba hojalyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigini, şeýle hem BAE-niň kompaniýalarynyň Türkmenistandaky iri infrastruktura we gurluşyk taslamalaryna gatnaşýandyklaryny bellediler.
Türkmenistanyň Prezidenti we BAE-niň wise-prezidenti Türkmenistanyň Bitaraplygynyň we halkara giňişlikde BAE-niň strategik başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini bellediler. Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini, onuň ýurduň Bitaraplyk derejesiniň BMG tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna gabat gelýändigini belledi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany Aşgabatda şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy. Şeýle hem myhmanyň şu gezekki saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine möhüm goşant boljakdygyna ynam bildirildi.
Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1995-nji ýylda ýola goýuldy.
04.12.2025
16.01.2026
“Senagat” PTB-y daşarky auditor barlagyny geçirmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär 







_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


