Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Gepleşikleriň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” foumyna BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň gatnaşmagy üçin çakylyk hatyny gowşurdy.
Gepleşikleriň dowamynda özara hormat goýmak we goldaw ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň möhümdigi bellenildi. Döwletara dialogynyň ýokary derejesi dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin berk binýady döredýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Taraplar medeniýet, ylym, bilim we sungat ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi hem ara alyp maslahatlaşdylar hem-de özara Medeniýet günlerini we ýöriteleşdirilen sergileri geçirmäge gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan BAE-niň halkara giňişlikde Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik başlangyçlaryny üýtgewsiz goldaýandygyny nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan döwlet işlerinde birek-birege üstünlikleri hem-de iki ýurduň halklaryna parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан