Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatimany kabul etdi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek, şol sanda şu ýylyň awgustynda Türkmenistanda geçiriljek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýändigini, BMG bilen strategik hyzmatdaşlygyň ýurduň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. 

Türkmenistanyň Prezidenti ulag-kommunikasiýa pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, halkara multimodal ulag geçlegeleriniň kemala getirilmeginde Türkmenistanyň möhüm baglanyşdyryjy merkez bolup durýandygyny belledi. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň ony Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerinde möhüm baglanyşydyrjy zynjyra öwürýändigi bellendildi. 

Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklap, Rabab Fatima jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi. 

2022