“Galkynyş” töleg ulgamy dürli pullarda tölegleri etmäge giň mümkinçilik berer

BT
“Galkynyş” töleg ulgamy dürli pullarda tölegleri etmäge giň mümkinçilik berer
Ulanyjylar Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň internet-bank hyzmatynyň mümkinçilikleri bilen tanyşýarlar (Surat: BT)

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky müşderilere uzak aralykdan milli we daşary ýurt pulunda tölegleri etmäge mümkinçilik berýän “Galkynyş” atly täze töleg ulgamyny işe girizdi.

Bu ulgam bank hasaplaryny dolandyrmaga, maliýe amallaryna gözegçilik etmäge we töleg kartlaryny açmak ýa-da gaýtadan dikeltmek hem-de karz almak üçin arzalary onlaýn görnüşde tabşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe günündäki sanynda habar berilýär.

Hyzmata birikmek üçin müşderilere bankyň merkezi edarasyna we onuň şahamçalaryna barmaklary zerurdyr.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky halkara pul bazarlarynda hökümetiň adyndan çykyş edýän edara bolup, strategik ähmiýetli taslamalar üçin karz serişdelerini çekýär. Bank şeýle hem Yslam ösüş bankynda Türkmenistana wekilçilik edýär.

2022