Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň daşary syýasat edaralary çarşenbe güni Bişkek şäherinde syýasy geňeşmeleri geçirdiler. Wekiliýet düzümlerine iki ýurduň daşary işler ministrleri – Raşid Meredow we Žeenbek Kulubaýew ýolbaşçylyk etdiler diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Netijeli ýagdaýda geçen gepleşikler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň ugurlardaky meselelerini öz içine aldy. Duşuşyga gatnaşyjylar ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirilişine garadylar hem-de geljekki hyzmatdaşlyk üçin möhüm ugurlary kesgitlediler.
Ministrler döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli geçirýän duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge itergi berýändigini nygtadylar. Geňeşmeleriň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hem-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň ähmiýetini bellediler. Taraplar bu ugurda bilelikdäki işleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Parlamentara gatnaşyklaryň, söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň we hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň geljegi geçirilen geňeşmeleriň esasy ugurlarynyň hatarynda boldy.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2025 – 2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi.