Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow çarşenbe güni Bişkek şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Ol şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary derejeli halkara foruma gatnaşmak üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen çakylygyny gowşurdy.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini, syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigini bellediler.
Gepleşikleriň dowamynda köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy.
Gyrgyzystanyň Prezidenti öz ýurdunyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen geçiriljek çärelere gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny beýan etdi.
Şeýle hem şol gün Bişkek şäherinde Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.