Türkmenistanyň Italiýadaky ilçisi Toýly Kömekow sişenbe güni Rim şäherindäki Kwirinal köşgünde Italiýanyň Prezidentiniň diplomatik geňeşçisi Fabio Kasseze bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda türkmen diplomaty Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek halkara foruma Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjo Mattarellanyň gatnaşmagy üçin çakylyk gowşurdy.
Çakylyk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gowşuryldy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini, şol sanda syýasy, ykdysady we medeni ulgamlardaky özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.
Ozal habar berlişi ýaly, Aşgabatda geçiriljek foruma Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow hem çagyryldy.