Serdar Berdimuhamedow “Euronews” telekanalynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

BT
Serdar Berdimuhamedow “Euronews” telekanalynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
“Euronews” telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid, 2025-nji ýylyň 27-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatda “Euronews” telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawidi kabul etdi. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda ýurduň medeni mirasyny syýahatçylyk mümkinçiliklerini köpçülige ýetirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz ýurdunyň ajaýyp taryhy ýadygärliklere we tebigy gözelliklere eýelik edýändigini, bu aýratynlyklaryň ony halkara syýahatçylar üçin özüne çekiji ugra öwürýändigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, myhmany şu ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek adybir foruma gatnaşmaga çagyrdy. Taraplar halkara gün tertibiniň meselelerine we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde taslamalara seretdiler.

Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň “Euronews” telekompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklap, Pedro Wargas Dawide üstünlikleri arzuw etdi.

2022