“Euronews” Türkmenistan bilen täze taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär

BT
“Euronews” Türkmenistan bilen täze taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýär
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Euronews” telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 27-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: “Watan” habarlar gepleşigi)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Aşgabatda “Euronews” telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawid bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda Ýewropa teleýaýlymynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilen täze taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistanyň parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk maksatlaryna gönükdirlen halkara başlangyçlaryny köpçülige ýetirmekde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Gurbanguly Berdimuhamedow maglumatlary alyşmagyň hem-de “Euronews” telekompaniýasynyň üsti bilen halkara jemgyýetçiligine Türkmenistanyň garaýyşlaryny ýetirmegiň möhüm ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma aýratyn üns berildi.

Pedro Wargas Dawid hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanmalaryny mälim edip, türkmen žurnalistleri bilen tejribeleri alyşmak ýaly täze taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny belledi. Ol şeýle hem ahalteke bedewleriniň özünde uly täsirleri galdyrandygyny, arassa ganly tohum atlary gorap saklamakda Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşan goşandyny belledi.

Şeýle hem Pedro Wargas Dawid Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördi. Gezelenjiň barşynda ol türkmen halkynyň täsin  sungatyny halkara media giňişliginde wagyz etmegiň “Euronews” üçin uly hormatdygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow Pedro Wargas Dawide işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

2022