Türkmenistan HZG-niň konwensiýasyna goşulmakçy

BT
Türkmenistan HZG-niň konwensiýasyna goşulmakçy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň HZG-niň Baş direktorynyň kömekçisi, guramanyň sebitleýin direktory Beata Andres bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 27-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: mfa.gov.tm)

Türkmenistan Halkara zähmet guramasynyň (HZG) hukuk binýadyny berkitmek boýunça konwensiýasyna goşulmak mümkinçiligini öwenýär. Bu meselä daşary işler ministri Raşid Meredowyň penşenbe güni Aşgabatda HZG-niň Baş direktorynyň kömekçisi, guramanyň sebitleýin direktory Beata Andres bilen bolan duşuşygynyň barşynda seredildi.

Taraplar “2024-2025-nji ýyllardaky çäreleriň ýol kartasynyň” çäklerinde 2024-nji ýylda bilelikde alnyp barlan işleriň netijelerine seretdiler hem-de 2025-nji ýyl

üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlediler diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmen tarapy öz nobatynda HZG-niň bilermenleriniň gatnaşmagynda tälimçilik we okuw maslahatlaryny guramagy teklip etdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere aýratyn üns berdiler.

Gepleşikleriň dowamynda Halkara zähmet maslahatyna taýýarlyk meseleleri we Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara zähmet guramasy (HZG) – Bu BMG-niň zähmet standartlary we ilatyň iş bilen üpjünçilik meseleleri boýunça iş alyp barýan ýöriteleşdirilen edarasydyr.

2022