Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow penşenbe güni Aşgabatda “Euronews” telekompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Pedro Wargas Dawidiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Onuň barşynda “Euronews” telekompaniýasynyň žurnalistlerini Türkmenistanda resmi hasaba almak we Aşgabatda habarçy nokadyny açmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini nygtap, ony ulgamlaýyn esasda has-da ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşyga gatnaşyjylar medeniýet, sport, syýahatçylyk, ekologiýa, ulag we “ýaşyl” energetika ýaly ugurlarda Türkmenistanyň mümkinçilikleri barada dünýä tomaşaçylarynyň habardarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine seretdiler.
Taraplar Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy boýunça “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelere aýratyn üns çekdiler.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini döretmek, şol sanda türkmen žurnalistleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ýerli teleýaýlymlar bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak makstanamalaryny ýerine ýetirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Ýewropanyň “Euronews” habarlar telekompaniýasy 1993-nji ýylda döredilip, gije-gündiziň dowamynda ýaýlyma berilýär. Onuň 19 dilde ýaýlyma berilýän gepleşikleri 1,2 milliard adamy öz içine alýar. Aýda 29 million hemişelik gyzyklanýan tomaşaçysy bolan teleýaýlymyň baş edara binasy Fransiýanyň Lion şäherinde ýerleşýär. Telekompaniýa bitarap we köp medeniýeti öz içine alýan nukdaýnazardan garaýan dünýä wakalaryna, syýasata, ykdysadyýete, medeniýete we sporta degişli habarlary tomaşaçylara ýetirýär.