Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Aşgabatda Bütindünýa bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Antonella Bassani, bankyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Tatýana Proskurýakowa, Halkara maliýe korporasiýasynyň Merkezi Aziýa we Türkiýe boýunça sebitleýin direktory Wibke Şlýomer bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda Hazarüsti halkara gatnawlary işjeňleşdirmek, bu ugurdaky kuwwatlyklary doly peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýewropa we Aziýa sebitlerini birleşdirýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstaşyr geçirijiligini artdyrmak boýunça bar bolan uly mümkinçilikleriniň ähmiýetini belledi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygynyň geljegini, şol sanda Demirgazyk – Günorta, Gündogar – Günbatar ulag geçeleglerini ösdürmäge gönükdirilen taslamalara gatnaşmak mümkinçiliklerine seretdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam edýän özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar birek-birege iň gowy arzuwlary beýan edip, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.