Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki önümleri öndürýän täze kärhananyň gurluşygy üstünlikli tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumy boýunça orunbasary Baýmyrat Annamämmedow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde mälim etdi.
Wise-premýeriň bellemegine görä, kärhana ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümleriniň 120 müňüsini öndürmäge ukyplydyr. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Kärhananyň işe girizilmegi ýerli gurluşyk önümlerine bolan barha artýan islegleri kanagatlandyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge ýardam eder diýip, B.Annamämmedow aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze härhanalarda öňdebaryjy enjamlaryň ornaşdyrylmagynyň möhümdigini belledi we wise-premýere “Bäherden” keramiki önümler kärhanasyny işe girizmek boýunça taýýarlyk işlerini geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Neşirimize ýazylmak üçin:
WhatsApp: Biznes Türkmenistan
Telegram: Biznes Türkmenistan
Instagram: Biznes Türkmenistan
Dzen: Бизнес Туркменистан