Bangladeşiň Prezidenti Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyryldy

BT
Bangladeşiň Prezidenti Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyryldy
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowyň Bangladeşiň Ýokary komissiýasynyň Ýokary komissary Ikbal Hussaýn Han bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 27-nji fewraly, Yslamabat, Pakistan (Surat: Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow penşenbe güni Yslamabat şäherinde Bangladeşiň Ýokary komissiýasynyň Ýokary komissary Ikbal Hussaýn Han bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň barşynda türkmen diplomaty Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Şahabuddiniň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmagy üçin resmi çakylyk gowşurdy.

Çakylyk türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gowşuryldy diýip, Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy habar berýär.

Taraplar iki ýurduň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek we çuňlaşdyrmak boýunça geljekki ädimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem sebitde we ondan daşarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmagyň möhümdigi bellenildi.

2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara forum geçiriler. 

2022