Gurbanguly Berdimuhamedow Kataryň Emirini Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Kataryň Emirini Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow (Surat: TDH)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow telefon arkaly söhbetdeşliginde Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanini halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriler diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Taraplar mübärek Oraza aýynyň başlanmagy bilen birek-biregi mähirli gutlap, iki ýurduň halklaryna gülläp ösüş arzuw etdiler. Gurbanguly Berdimuhamedow foruma taýýarlyk işleriniň goňşy döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda ýokary derejede alnyp barylýandygyny, Kataryň Emiriniň bu çärä gatnaşmagynyň onuň üstünlikli geçirilmegine uly goşant boljakdygyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri nebitgaz, senagat, maýa goýumlar, ulag we söwda ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny nygtap, bu ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam bildirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwleti bilen gatnaşyklaryň berkidilmeginiň möhüm ähmiýetini belläp, ony ösdürmekde goşant goşýandygy üçin Emire minnetdarlyk bildirdi.

Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani öz gezeginde ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň goşandyny belläp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar birek-birege berk jan saglyk, döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

2022