Türkmen telekeçileri Dohada hoz we gury ir-iýmişler sergisine gatnaşýar

BT
Türkmen telekeçileri Dohada hoz we gury ir-iýmişler sergisine gatnaşýar
“Aziýa hozy we gury ir-iýmişleri” atly halkara sergisi, 2025-nji ýylyň 1-4-nji marty, Doha, Katar (Surat: Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasy)

Türkmen telekeçileri 1-nji martda Kataryň paýtagty Dohada açylan “Aziýa hozy we gury ir-iýmişleri” atly halkara sergä gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasy habar berýär.

Sergi gadymy “Suk Wakif” bazarynyň çäginde ýaýbaňlandyryldy. Oňa hozuň we gury ir-iýmişleriň önümçiligi bilen meşgullanýan Özbegistandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Pakistandan, Eýrandan we Türkiýeden 40 sany kompaniýa gatnaşýar.

Bu çäre önüm öndürijilere harytlarynyň hili we dürli görnüşleri bilen tanyşdyrmaga, täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga we söwda bazaryny giňeltmäge mümkinçilikleri hödürleýär. Türkmen kärhanalary halkara giňişlikde uly isleg bildirilýän tebigy we ekologiýa taýdan arassa önümlerini hödürleýärler.

10-njy marta çenli dowam etjek serginiň myhmanlary hozuň we gury ir-iýmişleriň Aziýa yklymynda öndürilýän öňden gelýän we iň täze görnüşleri bilen giňden tanşyp bilerler.

2022