Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň duşenbe güni Doha şäherinde geçiren özara duşuşygynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we söwda-senagat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasy habar berýär.
Gepleşikleriň barşynda taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça hem özara tejribe alyşdylar.
Şu mynasybetli geçirilen maslahata söwda-senagat edaralarynyň wekilleri bilen bir hatarda türkmen telekeçileri hem gatnaşdylar.
Ozal habar berlişi ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji martynda Doha şäherindäki gadymy “Suk Wakif” bazarynda “Aziýa hozy we gury ir-iýmişleri” atly halkara sergi açylyp, oňa türkmen kärhanlary hem gatnaşýarlar.