Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 4-nji martda Aşgabada sapar bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça täze bellenilen Ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşyk geçirdi. 2025-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere taýýarlyk görmek meseleleri gepleşikleriň esasy mazmunyny düzdi.
Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, diplomatlar türkmen-ýewropa gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlar we hyzmatdaşlyk formatlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar “Türkmenistan–ÝB” bilelikdäki komitetiniň, Parlamentara dialogynyň, şeýle hem Adam hukuklary boýunça dialogynyň ulgamlaýyn işiniň ähmiýeti nygtap, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň meselelerine garadylar.
Energetika, ulag, ekologiýa we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ulanylyşyny ösdürmek ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hem-de ÝB-niň maliýe düzümleri bilen özara gatnaşyklaryň geljegi barada durup geçdiler.
2025-nji ýylda Aşgabat şäheri Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gönükdirilen birnäçe halkara çäreleri geçirilýän ýerine öwrüler. Şeýle çäreleriň hatarynda parlamentara dialogyň nobatdaky duşuşygyny, Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji mejlisini hem-de halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýneniň Türkmenistana saparyny guramak meýilleşdirilýär.