Türkmenistan daşary söwda dolanyşygyny $20 milliarda ýetirmegi maksat edinýär

BT
Türkmenistan daşary söwda dolanyşygyny $20 milliarda ýetirmegi maksat edinýär
“Aşgabat” söwd-dynç alyş merkezi, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistan daşary söwda dolanyşygyny 2025-nji ýylda $20 milliarda ýetirmek bilen ony düýpli artdyrmagy maksat edinýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Jemi içerki önümiň çaklanylýan ösüş depgini 6,3 göterime deň bolar, bölek haryt dolanyşygynyň görkezijisi bolsa 169,2 milliard manada ýetirilmelidir.

Bu maksatlar “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere girýär.

Şu ýylyň maýa goýum makstanamasynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň netijeli işlemegini üpjün etmäge, onda hususy pudagyň paýyny artdyrmaga we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge möhüm üns berilýär. 2025-nji ýylda Türkmenistanda 40,1 milliard manat maýa goýumlary çekmek meýilleşdirilýär. Munuň özi ýaşaýyş we durmuş maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň batly depginde dowam etdirilmegine mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň şu ýyl üçin Döwlet býujetiniň agramly bölegi durmuş ulgamyna gönükdiriler. Bu ulgamyň çykdajylar bölegindäki paýynyň möçberi 76,1 göterime barabar bolar. Maksatnamanyň çäklerinde maliýe ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we içerki bazaryň ösdürilmegi hem göz öňünde tutulýar.

Bank we töleg ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, şol sanda maliýe amallaryny uzak aralykdan dolandyrmak, galtyşyksyz we QR kod arkaly töleg ýaly täze tehnologiýalary ornaşdyrmak mümkinçiliklerini giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ýurduň karz derejesine “Fitch” reýting agentligi tarapyndan ýokary baha berildi. Munuň özi maýa goýumlary çekmek we ýurduň daşary ykdysady işini kämilleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy ýurduň durnukly ösüşine, onuň dünýä ykdysadyýetine üstünlikli goşulyşmagyna we ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna şertleri döreder.

2022