Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde kazylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Permana gol çekdi. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, birnäçe kazylar wezipä bellenilip, hünär derejeleri berildi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Resminama laýyklykda, Begnazar Hoşgeldiýewiç Agaýew Ahal welaýatynyň Sarahs etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine bellenilip, oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi. Annagül Berdinazarowna Begnazarowany Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenilip, oňa kazynyň bäşinji hünär derejesi berildi. Begmyrat Nurynepesowiç Baýlyýew hem-de Oraz Kemalowiç Kemalow Lebap welaýatynyň Çärjew etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenildi. Erkin Nurmämmedow hem Lebap welaýatynyň Dänew etrap kazyýetiniň şu ugur boýunça kazysy wezipesine bellenildi.
Muhammet Döwranowiç Çaryýew Mary welaýatynyň Baýramaly şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenildi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň Permany bilen birnäçe kazylar wezipeden boşadyldy. Kyýas Öwezow ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden, Berdimyrat Saparmamedow hem Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşadyldy.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň geçen iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi hem-de döwlet howpsuzlygyny, asudalygyny üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.