Rumyniýada sergileri guraýjy iri kompaniýa bolan “Romexpo S.A” türkmen telekeçilerini şu ýylyň 29-njy maýy – 1-nji iýuny aralygynda geçiriljek “TIBCO-2025” atly halkara sergä gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
“TIBCO-2025” sergisinde dokma, lybas, aýakgap önümleri, gurluşyk, kosmetika, atyr serişdeleri, ýyladyş düzümleri, hojalyk tehnikalary, oýunjaklar we azyk harytlary görkeziler.
Geçen ýyl türkmen telekeçileri ilkinji gezek bu sergide milli senagat kuwwatlyklaryny görkezip, “Nusaý”, “Gala”, “Goza”, “Merw” we “Bedew” haryt nyşanly Türkmenistanyň ýokary hilli geýim-gejim, tikin önümlerini, nah ýüplükleri hem-de ýüpek matalaryň dürli görnüşlerini hödürledi.
Rumyniýada sarp ediş harytlaryna ýöriteleşen iri sergi “Romexpo” we “Romexpo Dome” hem-de “Romexpo Town” ady bilen tanalýan toplumda geçiriler. 1972-nji ýylda bäri geçirilip gelýän sergä geçen ýyl 70-e golaý kompaniýa gatnaşdy.