Türkmenistan Aşgabatda Yragyň diplomatik wekilhanasyny açmaga ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady

BT
Türkmenistan Aşgabatda Yragyň diplomatik wekilhanasyny açmaga ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady
Bagdad, Yrak (Surat: Saad Salim)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudani bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Onuň barşynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany Aşgabatda Yragyň diplomatik wekilhanasynyň açylmagyna we netijeli işlemegine ýardam bermäge öz ýurdunyň taýýardygyny tasssyklady.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Eýranyň çäginden “swap” usulynda her ýyl 10 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny Yraga ibermek boýunça gazanylan ylalaşygy üstünlikli ýerine ýetirmek maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy.

Yragyň Premýer-ministri öz gezeginde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny aýdyp, munuň üçin durmuşa geçirilýän çäreleriň ähmiýetini belledi.

Serdar Berdimuhamedow şeýle hem Mohammed Şiýa Al Sudanini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň iki ýurduň arasynda özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdiler.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistan bilen Yrak her gün 20 million kub metr gaz ibermek hakynda ylalaşyga gol çekdiler.

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

2022