Türkmen telekeçileri “INTER HEALTH & BEAUTY TAJIKISTAN 2025” sergisine çagyryldy

BT
Türkmen telekeçileri “INTER HEALTH & BEAUTY TAJIKISTAN 2025” sergisine çagyryldy
“Täç hil” kompaniýasynyň diwarlygy “Central Asia Beauty Expo” atly VI halkara sergide, 2024-nji ýylyň 30-njy maýy – 1-nji iýuny, Almaty, Gazagystan (Surat: turkmenmetbugat.gov.tm)

Türkmen telekeçileri 2024-nji ýylyň 22 – 24-nji maýynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbede geçiriljek “INTER HEALTH & BEAUTY TAJIKISTAN 2025” sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Çäre Täjigistanyň Hökümetiniň ýardamy bilen Respublikanyň Söwda-senagat palatasy tarapyndan guralýar diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär. 

Sergide lukmançylyk we barlaghana enjamlary, derman önümleri, anyklaýyş gurallary, oftalmologiýa tehnikalary we taýýar bejeriş serişdeleri görkeziler. 

Forumyň çäklerinde sagaldyş işiniň, ortopediýa harytlarynynyň, gözellik serişdeleriniň, hojalyk himiýasyna degişli we beýleki harytlaryň aýratynlyklaryny ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär. Gatnaşyjylar täzelikler bilen tanşyp, özara gatnaşyklary ýola goýup hem-de telekeçilik işlerini ösdürip bilerler. 

Sergä dürli ýurtlardan 100-den gowrak kompaniýanyň we brendleriň hem-de daşary ýurtly işewür wekilleri gatnaşmagyna garaşylýar.

2022