Türkmenistan bilen Eýran serhetýaka söwda meýdançasyny gurmagy maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan bilen Eýran serhetýaka söwda meýdançasyny gurmagy maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň we Eýranyň döwlet edaralarynyň iş toparynyň nobatdaky duşuşygy, 2025-nji ýylyň 5-nji marty, Eýran (Surat: Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň we Eýranyň döwlet edaralary çarşenbe güni Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariatynda ýörite iş toparynyň nobatdaky duşuşygyny geçirdiler. Onda türkmen-eýran serhedinde söwda meýdançasyny gurmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda taslamanyň möhüm ugurlaryna, şol sanda ony durmuşa geçirmegiň guramaçylyk meselelerine we ýollaryna garaldy. Bu barada Türkmenistanyň Eýrandaky ilçihanasy habar berýär.

Taraplar serhetýaka söwda meýdançasynyň döredilmeginiň iki ýurduň arasynda serhetüsti söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegini we ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrmagyny şertlendirjekdigini bellediler.

Iki ýurduň wekilleri bu taslamanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitiniň çäklerinde hyzmatdaşlygy berkitmekde we ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim boljakdygyny nygtadylar.

Şu ýylyň fewral aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Onuň barşynda Eýranyň serhedinden Gumdag şäherine uzaýan awtomobil ýoluň taslamasyny durmuşa geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy.

2022