Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow "Euronews" telekompaniýasynyň habarçysy Loro Bakwelliniň sowallaryna jogap berdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, halkara giňişlikde eýeleýän orny hem-de Ýewropa Bileleşigi we goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada gürrüňdeşlik boldy. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň şenbe gününde çap bolan sanynda habar berilýär.
Gurbanguly Berdimuhamedow Bitaraplygyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm binýadyny emele getirýändigini, ýurduň köp ýyllaryň dowamynda onuň ýörelgelerine üýtgewsiz eýerýändigini belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň halkara dawalara gatnaşmaýandygy hem-de goşulmaýandygy hem-de parahatçylykly ýaşamak we özara hormat goýmak ýörelgelerini ilerledýändigini nygtady. Umumy bähbitleri bolan we durnukly ösüşe ymtylýan döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmek ýurduň daşary syýasatynyň möhüm ugrudyr.
Türkmenistan syýasy we ykdysady dialogy berkitmek bilen Ýewropa Bileleşigi bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Halk Maslahatynyň Başlygy interwýuda energetika howpsuzlygy, tebigy gazy ibermek hem-de “ýaşyl” energetikany ösdürmek, suw serişdelerini durnukly dolandyrmak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi.
“Ilkinji nobatda, "ýaşyl" energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalara başlamak, Ýewropa elektrik energiýasyny ibermek ugrunda çykyş edýäris” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň tebigy gazy ibermek meselesinde ýewropaly hyzmatdaşlar bilen ysnyşykly işleşmäge taýýardygyny sözüniň üstüne goşdy. Bu işi amala aşyrmagyň ýollarynyň biri-de ony Hazarüsti ugry ilerletmek bolup durýar.
Söhbetdeşlikde maslahatlaşylan möhüm meseleleriň biri hem suw we energetika serişdeleri barada boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, hususan-da, Merkezi Aziýada suw üpjünçilik meselelerini çözmek babatda netijeli işleri alyp barýandygyny belledi. Şundan ugur alnyp, sebitiň serhetüsti derýalarynyň suw serişdelerini peýdalanmagyň usullaryny ýola goýmak maksady bilen, Merkezi Aziýa ýurtlarynda suwdan peýdalanmak meseleleri boýunça sebit Geňeşini döretmegiň teklip edilendigi bellenildi.
Türkmenistanyň Owganystan bilen hyzmatdaşlygyna hem aýratyn üns berildi. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň sebitde we onuň çäklerinden daşarda alnyp barylýan ykdysady işlere, taslamalary amala aşyrmaga goşulmagy ugrunda Owganystanyň üýgewsiz goldaýandygyny, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň, Owganystanyň üsti bilen Pakistana elektrik we aragatnaşyk ulgamlarynyň, Türkmenistandan owgan tarapyna demir ýollarynyň gurmluşygy ýaly Owganystanyň gatnaşmagynda ençeme möhüm we geljegi uly ykdysady taslamalary öňe sürendigini hem-de durmuşa geçirýändigini belledi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Ýewropa Bilelşigiň özara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagy, ykdysady we diplomatik gatnaşyklary ösdürmegi dowam etjekdiklerine ynam bildirdi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri interwýu üçin "Euronews" telekompaniýasynyň döredijilik toparyna minnetdarlyk bildirdi we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.