Aşgabat şäherinde göwher (brilliant), ýakut, zümerret, rubin we tanzanit ýaly daşlar bilen bezelen şaý-sepleriň toplumyny hödürleýän täze ýuwelir dükany öz işine başlady. Onuň ähli önümleri Ýewropanyň brilliant daşlary sertifikatlaşdyrmak boýunça iri edarasy bolan “HRD Antwerp” tarapyndan güwänamalaşdyrylandyr. Munuň özi ýerli gymmatbaha şaý-sepler bazarynda açyklygy we hili täze derejä çykarýar.
Dükan ýokary hilli önümlere aýratyn gadyr goýýan alyjylaryň gelip görýän esasy ýerleriniň biri bolan “Zümerret” zergärçilik merkezinde ýerleşýär. Bu ýerdäki giň görnüşli önümleriň hatarynda Ýewropanyň meşhur şaý-sep ussahanalary tarapyndan döredilen ýuwelir önümleri hödürlenilýär. Önümlerde ýokary ussatlygyň berk sertifikatlaşdyrma düzgünleri bilen utgaşmagy dükanyň öz işinde uzak möhletleýinlik we ýokary hil ýörelgelerine eýerýändigini görkezýär.
“HRD Antwerp” edarasynyň “Point of Trust” bölek satuw torunyň resmi agzasy hökmünde bu dükan şaý-sep bazarynda ýokary ynam we açyklyk derejesine ymtylýan ýuwelir nokatlarynyň toparyna girýär. Bu dereje alyjylarda her bir önümiň hakykylygyna we ýokary hil derejesine berk ynamy üpjün edýär.
“HRD Antwerp” kompaniýasynyň Baş direktory Ellen Ýonşer işewürligiň gerimini giňeltmegiň çäklerinde täze dükanyň açylmagynyň möhüm ähmiýetini belledi: “Ygtyýarly söwda nokatlarynyň barha giňeýän torunda bu dükanyň açylyşyna badalga berýändigimize şatdyrys. “Point of Trust” üpjünçilik torunyň bir bölegi hökmünde dükan iň ýokary hil ölçeglerine gabat gelýän sertifikatlaşdyrylan brilliantlary edinip boljakdygyna Aşgabatdaky müşderilere kepil geçýär” diýip, Ellen Ýonşer “Biznes Türkmenistan” neşirine aýtdy. “Bu hyzmatdaşlyk “HRD Antwerp” kompaniýasynyň sarp edijilere brilliantlary sertfikatlaşdyrmagyň ygtybarly we açyk ulgamyny hödürlemäge çalyşýandygyny tassyklaýar”.
Dükan “HRD Antwerp” güwänamasy bilen sertifikatlaşdyrylan bezeg şaý-sepleriniň saýlama toplumy bilen birlikde, müşderilere gymmat bahaly daşlaryň hilini we hakykylygyny seljermek üçin ýokary takyklyk derejesindäki enjamlaryndan peýdalanmak mümkinçiligini hem hödürleýär. Her bir ýuwelir önümine onuň aýratynlyklaryny we barlagdan geçen hil derejesini tassyklaýan “HRD Antwerp” sertifikatlary berler.
Italiýanyň Florensiýa, Milan, Wenesiýa, Rim we Wiçense şäherlerindäki ussahanalar bilen hyzmatdaşlyk edýän, dükany ýuwelir önümleri bilen esasy üpjün ediji ARTE kompaniýasynyň ýolbaşçysy Talip Sürhan begenjini paýlaşdy: “Biz hil babatda we baha emele getirilende müşderileriň ynamyny ödemäge çalyşýarys”. Şeýle hem ol “Biznes Türkmenistan” neşirine beren beýanatynda şeýle diýdi: “Öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak we jikme-jik maglumatlary özünde jemleýän sertifikatlary hödürlemek bilen, biz Aşgabatdaky we onuň çäginden daşardaky alyjylara degişli ugurda iň gowy önümi saýlamaga ýardam berýäris. Mundan başga-da, biz rubin, zümerret, ýakut we beýleki gymmat bahaly daşlaryň ýokary hilini hem-de amatly bahasyny kepillendirýäris”.
Dükanyň açylmagy Aşgabadyň gymmat baha şaý-sep bazary üçin möhüm waka öwrülip, ol bu ýere gelýänleri diňe bir ýuwelir önümleri bilen däl, eýsem, ynama, ussatlyga we açyklyga esaslanýan baý tejribesi bilen hem tanyşdyrýar. Ýewropanyň zergärçilik sungatynyň däplerini we “HRD Antwerp” kompaniýasynyň sertifikatlaryny berk utgaşdyrýan dükan şenbe güni açyldy. Ol Türkmenistanda brilliantlara we gymmat bahaly daşlara gadyr goýýanlar üçin esasy ýerleriň biri bolar.
1973-nji ýylda döredilen “HRD Antwerp” brilliant daşlaryny sertifikatlaşdyrmak boýunça dünýäde iň abraýly guramalaryň biri bolup durýar. Dünýäniň almaz daşlarynyň merkezi bolan Belgiýanyň Antwerpen şäherindäki edarasyndan kompaniýa häzirki zaman tehnologiýalary we pugta eýerilýän ölçegleri ulanmak bilen önümleriň hilini we derejesini kepillendirýär. Antwerpeniň Bütindünýä almaz merkeziniň (AWDC) düzüminde hereket edýän gurama degişli pudakda açyklyk we takyklyk ýörelgelerine ygrarly çemeleşilmegini goldaýar.