Türkmen telekeçileri we gurluşyk senagatynyň hünärmenleri 25 – 27-nji aprelde Gruziýanyň paýtagty Tbiliside geçiriljek “Caucasus Build 2025” sergisine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.
Gurluşyk, gozgalmaýan emläk we gurluşyk serişdeleri ulgamynda iri önüm öndürijileri, üpjün edijileri we bilermenleri bir ýere jemlejek sergi gurluşyk pudagynda iri çäreleriň biridir.
Sergi işewürler üçin diňe bir öz önümleri we çözgütleri bilen tanyşdyrmaga däl, eýsem, täze gatnaşyklary ýola goýmaga, täze bazarlary agtarmaga, pudakdaky iň täze ugurlar we innowasiýalar barada öwrenmäge hem ajaýyp mümkinçilik bolup durýar.
Gatnaşyjylar gurluşygyň geljegini üýtgetjek häzirki zaman gurluşyk serişdeleri, “akylly” tehnologiýalar, energiýa tygşytlaýjy çözgütler we durnukly tejribeler bilen hem tanşyp bilerler.
Çäräniň çäklerinde bilermenleriň mejlisleriniň we ussatlyk sapaklarynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Olara gatnaşmak bilen hünärmenler gurluşyk pudagyndaky täzeçil ugurlar, kanunçylyk ulgamyndaky üýtgeşmeler we öňdebaryjy tehnologiýalar barada öwrenip bilerler.