Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Merkezi Aziýa we Owganystan üçin Durnukly ösüş maksatlary boýunça sebit merkezini döretmek hakynda Kararnamasynyň kabul edilmegi bilen gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Resminamada döwletara gatnaşyklaryň ösüşinde täze mümkinçilikleri açjak bu çözgüdiň sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmäge we BMG bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etjekdigi bellenilýär. Gurbanguly Berdimuhamedow iki döwletiň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň berkidilmegindäki goşandy hem-de Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli goldaýandygy üçin gazak Liderine minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öz ýurdunyň Gazagystanyň halkara başlangyçlaryna hormat bilen garaýandygyny, olaryň ilerledilmegine işjeň gatnaşýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, sebitde hyzmatdaşlygy giňeltmäge we Owganystana goldaw bermäge gönükdirilip kabul edilen Kararnamanyň möhüm ähmiýetini nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow hatynyň soňunda bu möhüm halkara üstünlik bilen Kasym-Žomart Tokaýewi ýene-de bir gezek gutlap, döwlet işlerinde üstünlikleri, Gazagystanyň halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi.