TDHÇMB

“Ýükle” daşaýjylary gözlemek işini ýeňilleşdirýär

BT
“Ýükle” daşaýjylary gözlemek işini ýeňilleşdirýär
Ulanyjy “Ýükle” programmasynyň täze mümkinçilikleri bilen tanyşýar. (Surat: BT)

“Ýükle” mobil goşundysy daşaýjylary gözlemekde netijeli çözgütleri hödürlemek bilen logistika babatda telekeçleriň mümkinçiliklerini giňeldýär. Ýükleriň eýeleri indi ýüküň esasy aýratynlyklary – onuň ady, barmaly ýeri, äkitmekde gerek bolan ulag görnüşi ýaly maglumatlary görkezmek bilen özleriniň ýüztutmalaryny ýerleşdirip bilerler.

Ulgam marketpleýs ýörelgesi esasynda işleýär: logistika kompaniýalary mümkin bolan müşderileriň maglumatlar binýadyna dessin eleýeterliligi, buýrujylar bolsa birnäçe hödürlenilýän tekliplerden ulagly äkitmegiň özleri üçin amatly şertlerini saýlamak mümkinçiligini alyp bilýarlar. Onuň interfeýsiniň ýüztutmalaryň ýerleşdirilmegini, şol sanda redaktirlenilmegini we aýrylmagyny doly dolandyrmaga mümkinçiligi göz öňünde tutýandygy aýratyn möhümdir.

Ulanyjy “Ýükle” programmasynyň täze mümkinçilikleri bilen tanyşýar. (Surat: BT)

Ýük daşaýjylaryň ýüztutmalara seretmegi üçin hökmany hasaba alyşyň bolmazlygy hyzmatyň esasy aýratynlygydyr. Munuň özi ulgama girişi düýpli aňsatlaşdyrýar we mümkin bolan ýerine ýetirjileriň toparyny giňeldýär.

Ýakyn wagtda ulag kompaniýalaryna elýeterli ulag serişdeleri baradaky maglumatlary ýerleşdirmek mümkinçiligi bilen goşundynyň  hyzmat gerimi has-da giňeldiler. Munuň özi logistika hyzmatlarynyň bazaryna gatnaşyjylaryň arasynda hyzmatdaşlyk üçin goşmaça aragatnaşyklary döreder.

Goşundy “App Store” we “Google Play” resmi platformalarda “iOS” we “Android” ulanyjylary üçin eýýäm elýeterli edildi.

Mart 13, 2025