TDHÇMB

Arkadag şäheriniň dolandyryş çägi 65 ga artar

BT
Arkadag şäheriniň dolandyryş çägi 65 ga artar
Arkadag şäheri, Ahal welaýaty, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Mejlisi Aşgabat şäheriniň 65 ga ýerini şu kararyň goşundysyndaky çyzga laýyklykda Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirmek hakynda Karar kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Bu çözgüt şäher hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, guramaçylyk, dolandyryş babatda amatly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meselelerini çözmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykdaka kabul edildi.

Karara laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde Arkadag şäheriniň dolandyryş çäginiň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmek boýunça zerur işleri amala aşyrmak tabşyryldy.

2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda açylan, Türkmenistanda ilkinji “akylly” şäher adyna eýe bolan Arkadag şäheri şähergurluşyk, ekologiýa we sanly tehnologiýalar ulgamlaryndaky innowasion çözgütleri üçin halkara ykrarnama eýe boldy. Taslama häzirki zaman inžener çözgütleri “ýaşyl” şäher konsepsiýasy bilen utgaşýan durnukly ösüş ýörelgeleriniň esasyn guruldy. Gazanan üstünlikleri üçin Arkadag şäheri birnäçe abraýly halkara sylagalara mynasyp boldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
Mart 13, 2025