Lebap welaýatyndaky Kerkiniň pagta arassalaýjy kärhanasy 2024-nji ýylda ýokary netijeleri gazanyp, jemi öndüren önümleriniň pul hasabyndaky möçberini 4 million 459 müň 515 manada ýetirdi.
Kärhana 5 356 tonna pagtany gaýtadan işläp, ondan 1 müň 585 tonna ýüplük, 2 müň 813 tonna tohum, 165 tonna lint, 41 tonna hem tehniki ýüplük öndürdi. Bu barada “Türkmen gündogary” gazetiniň penşenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Häzirki zaman enjamlar we ýokary derejeli hünärmenleriň topary kärhana çig maly netijeli gaýtadan işlemäge we önümleriň ýokary hilini durnukly üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Kärhananyň ýolbaşçysy Babageldi Gylyjow tehnologik işleriň serişde kuwwatlyklary doly derejede netijeli ulanmagyň we munuň netijesinde ýokary ölçegli önümleriň öndürilmegine kybap görnüşde guralandygyny belledi.
Kärhananyň işgärleri netijeli işlemek we abadan durmuşda ýaşamak üçin döredilýän şertler üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna çuňňur hoşallyklaryny beýan edýärler.