TDHÇMB

Aşgabatda TSTB-niň 17 ýyllygy mynasybetli sergi guralar

BT
Aşgabatda TSTB-niň 17 ýyllygy mynasybetli sergi guralar
TSTB-niň 15 ýyllygyna bagyşlanan sergi, 2023-nji ýylyň 17 – 23-nji marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: sng.today)

Şu ýylyň 17 – 19-njy martynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly halkara forum geçiriler. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň sişenbe günündäki sanynda habar berilýär.

Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Oňa gatnaşyjylar azyk we ýeňil senagaty, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma, elektronika enjamlary, mebeller, söwda, bilim, mahabat we çaphana ulgamlarynda öndürýän önümlerini hem-de hödürleýän hyzmatlaryny tanyşdyrarar.

Forum ykdysady ösüşiň, innowasiýalary ornaşdyrmagyň we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüler.

2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi häzirki wagtda ýurduň işewür wekilleriniň 28 müňden gowragyny özüne birleşdirýär.

Mart 15, 2025